Thursday, October 6, 2011

Jeňnama hakda

JEŇNAMA HAKDA


Giriş: 19-njy asryň 2-njy ýarymynda Eýranyň gajar patyşasy Naseretdin iki gezek türkmen topragyna agyr goşun bilen çozýar, türkmenleriň berk gaýtawul bermegi netijesinde olaryň ikisi-de yza serpikdirlýar. 1850-nji ýylda Astrabat häkimi Japarguly han (Şadlu-kürt) Garrygala ýöriş gurnaýar, ýöne ol ýeňlip yza çekilýar, 1860-njy ýylda Horasanyň häkimi Hemze mürze 40 müň sany esgeri bilen Mara hüjüum edýär, olam ýeňlip Tahrana geçyp atýar.
  Bu iki waka barada şol döwürde ýaşan we Hywada kazylyk bilen meşgullanan Abdysetdar kazy özüniň “Jeňnama” poeýamasynda gyzykly maglumat beripdir. Magtymlardan bolan Abdysetdar Gökdepäniň “Kelete” obasynda önüp-ösüpdir, ýaşlygy şol ýerde geçipdir, başlangyç sowady hem şol ýerde alypdyr. Şahyryň doglan we aradan çykan wagty belli däl. 1820—70-nji ýyllar diýilýän çaklama bilen goýlaý senelerdir.

No comments:

Post a Comment