Friday, April 29, 2011

Türkmenistan-Eyran gatnaşygy

Türkmenistan-Eýran gatnaşyklarynda türkmenleriň
milli bähbidi ünüsden düşürilmeli däl!


  25-nji aprilde Aşgabatda Türkmenistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Kataryň we Ommanyň daşary işler ministerleriniň, ýa-da ministerliklerden wekilleriň gatnaşmaklarynda täze bir ylalaşyga gol çekildi. Türkmenistanyň daşary işler ministeri Raşid Meredow bu ylalaşyk bilen Merkezi Aziýadaky  döwletleriň, Aýlak ýurtlary bilen transport gatnaşygynyň çaltlaşjagyny nygtady.
  Biziň pikrimizçe Türkmenistan, goňşy döwletleri, ylaýta-da Eýran we Owganystan bilen gatnaşyklarynda bu ýurtda ýaşaýan millionlarça türkmeniň milli bähbidini-de ünsden düşürmeli däl. Geliň, Eýranyň we Owganystanyň çäklerinde ýaşaýan 7-8 million çemesi türkmeniň soňky döwür syýsay we ykdysady durmuşyna göz gezdireýliň.
90 ýyl basgy astynda
  Edil 86 ýyl mundan ozal Türkmenistan respublikasy özüniň bir ýaşyny toýlaýarka, Eýranyň çäginde ýaşaýan türkmenleriň ömri bir ýyla ýeten we täze esaslandyran öz-erkin jemhuriýeti, Tahranyň üç tarapdan goşun sürmegi bilen gana çaýkaldy we olaryň ata-baba topraklary büs-bütin basylyp alyndy. Şondan bäri bu ýurduň çäginde ýaşaýan türkmenler agyr sýyasy, ykdysady we medeni ýagdýy başdan geçirip, berk basyş astynda ýaşap gelýärler, has dogrusy ölüm-galym ugrunda diş-dyrnak bolup göreşip gelýärler.
  Ne Eýranda patyşalyk režiminiň, ne-de SSSR-iň dargamagy bu türkmenleriň durmuşyna oňaýlay täsir ýetirip bildi. Sebäbi Eýranda häzir häkimiýeti elinde saklap gelýän reaksiýon we teokrat režim bu ýurtda ýaşaýan ähli etnik we pars bolmadyk milletleriň azatediş we erkinlik ugrundaky hereketlerini gana çaýkap gelýär we başardygyndan olaryň milli kimliklerini assimillerşdirmäge synanşýar.
  Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyat Nyýazow, daşary ýurtlarda-ylaýta-da Eýranda we Owganystanda ýaşaýan ildeşleriniň derdine melhem bolmag-a beýle-de dursun, hatta on ýyllyklaryň dowamynda Moskwa tarapynda talanyp gelen öz raýatlarynyň göz ýaşlaryny sylyp, arkalaryna ýel çaldyryp bilmedi.

Owgan türkmenleri
  Owganystanyň çäginde ýaşaýan türkmenler-de peştun-täjik şaunistik syýastynda ezilip, horlanyp hem harlanyp geldiler. Häzir bolsa demirgazyk owganystandaky özbek meýdan komandirleriniň ýaraglarynyň kölgesinde agyr günleri başdan geçirýärler. Garaşsyz türkmenistan olara ýardam goluny doly uzadyp bilmedi. Türkmen dilini öwredýän mugallymlary ibermegiň deregine, hatta harplyk kitabyň ýerine Nyýazowyň “Ruhnamasy” olara sowgat edildi... , milli-dini liderleri Abdylmennan Magsymyň, Türkmenistandan Talyplaryň režimine gaýtarylyp berilenden soňra wagşylarça öldürilmegini olar asla unutmazlar. Ol bende Türkiýä aşmak üçin, elindäki Türk pasporty bilen Marçakdan Türkmenistana aşýar, emma Nyýazowyň režimi ony tutup, Talyplara berrýär. Ýylda diýen ýaly araçäkde birnäçe owgan türkmeni, Türkmenistanly serhetçileriň okunyň gurbany bolup gelýär. Ol pahyrlar ot-çöp ýygnamak ýa-da serhetden aşan mallaryny yzyna gaýtarmakçy bolanlarynda oka düzülýärler. Türkmenistanda ýokary okuwa çagyrylýn owganystanlylaryň arasynda dermanlyk üçin ýekeje-de türkmen ýok...
  Her nä häzirki prezident Berdimuhammedowa garaňda, Nyýazow daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň arasynda öz at-owazasyny belende götermek üçin olaryň arasyna baryp-gelerdi. Nyýazow birnäçe gezek Eýranyň çäginde ýaşaýan türkmenleriň arasyna barypdy, ýöne Berdimuhammedow, eneçeme gezek Eýrana barsa-da azynda bir ruhy goldaw berer ýaly, türkmenleriň arasyna ýekeje gezegem barmaga milt etmedi.
  Bu ýurtda ýaşaýan türkmenler, konsulhananyň Maşhet şeherinden türkmenleriň uly şäheri bolan Kümmetgowza getirilmegini, wiza şertleriniň ýeňillendirilmegini zaryn-zaryn Türkmenistanly resmilere araz etseler-de olaryň arz-şykaýatlaryna gulak gabardan bolman gelýär.
  Diplomatik protokollaryna görä, sýyasy aragatnaşykda garşy tarap bilen deň göçüm edilýär. Eýran, Türkmenistanda pars dilini sapak berýän klaslary, kurslary ýola goýýar, yslam dinini propaganda edýän merkezleri ýola goýýar, kitap magazinlerini açýar, Türkmenistanyň bolsa, Türkmensähraly türkmenleriň arasynda gazet satýan ýekeje bir kiosk açabilmän gelýär. Tersine Berdimuhammedow, türkmenlere-e däl, Maşatlylara 1000 tonna uwn sogat berip, kärdeşi Ahmedinežatdan sport uçaryny sowgat alýar.
  “Demirgazyk-günorta koridory” atladyrlan demirýol baradaky ylalaşyk esasynda Gazanjyk-dan çekiljek demirýoly Hazar ýaka Bendertürkmen şäherine barmaly edilipdir, indi bolsa Türkmen şäheriniň ýerine onuň pars otrumly Gürgen şäherine barjagy habar berildi.
Türkmenistan, araçäkdäki ýagdaýa ünsüni artdyrmaly!
  Türkmenistan bilen eýranyly türkmenleriň arasyny üzmek üçin we geljekde bu ýerleri doly eýelemek maksady bilen Eýran araçäkde täze-täze obalar we şäherçeleri gurup, ol ýere kürtleri we bluçdyr zabyllylary göçürüp getirmek syýasatyny bar güýji bilen dowam etdirip gelýär.
  Eýran, serhet ýaka türkmen obalarynda harby manýowerleri amala aşyrýr, synalýan we partlaman galýan ýaraglaryň soňra partlamagy netijesinde bir topar türkmen heläk bolýar (Çeper guýmadaky hadysa şolardan bir mysal). Aşgabat beýle ýagdaýa ünsüni artdyrmaly.
  Her ýylda bir topar ýaş oglan, “bi-kanun” balyk awlaýar bahanasy bilen Eýranyň deňiz goraýjylary tarapynda atylyp öldürilýär. Deňiz “goraýjylary”nyň Türkmenistana neşe maddalaryny gaçak ýoly bilen aşyryp, söwda edýändigi hakynda maglumat berilýär. “Gürdi olum” we “Inçe burun” serhet postlaryndan Eýran tarapyndan tonnalap neşe maddalarynyň geçirilmäge synanşylýandygyny Türkmenistanly serhetçiler habar berip gelýärler, neşe maddalaryň näçe prosentdi ele salynýandyr? Bu diňe araçägiň iki tarapynda ýşaýan türkmenleriň köküni kesmek üçin edilýän ýörite planlar bolsa gerek.
  Tahran, diňe Türkmensähraly türkmenleriň arasyna däl, eýsem özüne wepaly türkmen ahunlary, Türkmenistana iberip, olaryň arasynda şaýy mezhebini propaganda edýär. Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy aýtollala suratly sagatdyr şoňa meňzeş zatlary türkmenistanlylara sowgat berýär ýa-da olary mugtyna Eýranyň içindäki ziýarat jaýlaryna alyp gaýtmak bilen öz maksadyny yzarlaýar.
  “Gürgen” radio stansiýanyň “daşary ýurtlylar” niýetläp berýän gepleşiklerinde hem, şaýyçylyk propagandirlenýär, azan bolsa sünnileriň däl-de şaýylaryň usulunda radiodan eşitdirilýär. Muňa garşy, Türkmenleriň ýeke-täk döwleti, öz dogan-garyndaşlaryny öz harajatlary bilen görmäge barmakçy bolýanlara gaty kynlyk bilen wiza berýär, baranlaray bolsa hatta mysal üçin Nebitdagdan Aşgabada barmaga rugsat berenok.
  Ýer ýüzündäki türkmenleriň ýeke-täk döwletine ýolbaşçylyk edýän Aşgabat resmiler, goňşy döwletlerde milli kimlikleri barha ýok bolmak howpunda duran türkmenleri ruhlandyrmak üçin, radiodyr- tele gepleşikler arkaly ýörite gepleşikleri bermeli. Haçana çenli bir adamy mahabatlandyryp gezjek. Baku, “Turk-sat” ýa-da “Hot-bird” satelitler arkaly tele gepleşiklerini, efire berýär, Türkmenistan bolsa henizem ruslaryň täsirinden çykyp bilen, “Yamal” satelit üsti bilen gepleşiklerini efire berýär, ony tomaşa etmek üçin diagramy 2 meter çanak antenna gerek, muny bolsa Eýranda edinmek gaty howply, şeýle antennsy bolan birnäçe türkmen howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edilipdir. “Turk-satdan” berilýän gepleşikleri bolsa kiçiräk antenna bilen tomaşa etse bolýar.
  Häzir O.Aziýada we Ýakyn gündogarda syýasy ýagdaýlar tiz özgerip dur, türkmenistan hem tiz gyflat uwkusyndan oýanyp, dünýä türkmenleriniň birleşmegini gazanmaly, sebäbi agyr günde diňe ganybir doganlar kömege geler. Şahyr aýtmyşlaýyn:
“Myrat aýdar öz myradym
 Gepin çekme her namardyň,
 Ýowuz güni asly ýadyň
Maslahaty aýra gider.”

Arne Goli (Akmyrat Gürgenli)
Türkmeni öwrenis merkeziň müdüri
29 april 2011

No comments:

Post a Comment