Friday, March 25, 2011

14 ay esirlikde تورکمنلرینگ آراسیندا اسیرلیک

Henri de Couliboeuf Blocquville:
Türkmenleriň arasynda

Fransiýaly ofisser H.Blocqueville 1860-njy ýylda Eýrana gelip, ýokary harby posta ýetmek maksady bilen Horasanyň häkimi Hemze mirza Heşmet ut-dowlaniň Horasandan Mara hüjüm eden toparyna goşulýar. Blocqueville türkmenlere garşy urşda gazanyljak ýeňişi suratlandyrmak isläpdir. Ökde nakgaş bolan Blocqueville türkmenlere ýesir düşýär. 14 aýdan soňra Eýran hökümeti ummasyz pul töläp ony türkmenlerden satyn alýar.
  Eýran goşunynyň Mara çozuşy we edermen serdar Gowşut hanyň ýolbaşçylygynda olaryň derbi-dagyn edilşi hakynda, hem Eýranyň hem-de türkmenleriň arhiwlerinde ýeterlik maglumat bar. Gelen belany parahat ýol bilen gaýtarmak üçin Gowşut han diplomatik tagallar edipdir, ilçi iberip olary ýaraşyga çagyrypdyr. Ýöne paň kelle Hemeze mirza türkmen ilçilerini tussag edipdir. Çäresini tükeden türkmenler ajaýyp urş taktiki bilen Eýranyň goşunyny çym-pytrak edýärler. Türkmenler bu urşa “Gajar” urşy diýip at berýärler. Watany goramak ugrunda gurbanlaryň arasynda meşhur şahyrymyz Molla Nepes-de bolupdyr. Ol urşdan birnäçe aý soňra alan gylyç ýarasy sebäpli aradan çykypdyr.
   Türkmenleriň arasynda bolan mahalynda H.Blocqueville halkymyzyň durmuşyna degişli gyzykly maglumatlary ýygnap, ajaýyp suratlary çekipdir. Onuň bu eseri ilkinji

gezek 1866-njy ýylda Parisda çap edilipdir. Kitabyň türkmenlere degişli bölümini ünsüňize hödürleýärin.
Arne Goli (Akmyrat Gürgenli)
21.03.2011



هنری بلوک ویل:

تـۆرکمنلرینگ
 آراسئندا

  فرانسیالئ افسر هنری بلوک ویل ۱۸۶۰- نجئ یئلدا ایرانا گلیپ، یوقارئ حاربئ درجه قازانماق ماقصادئ بیلن خراسانئنگ حأکیمی حمزه میرزا حشمت الدوله نینگ مارا هۆجۆم ادن توپارئنا قوشولیار. بلوک ویل تـۆرکمنلره  قارشئ اورشدا قازانئلجاق ینگیشی صوراتلاندئرماق ایسلأپدیر. اؤکده نقاش بولان بلوک ویل تـۆرکمنلره اسیر دۆشیأر. ۱۴ آیدان سونگرا ایران حکومتی اومماسئز پول تؤلأپ اونئ تـۆرکمنلردن ساتئن آلیار.
  ایران قشونئ نئنگ مارا چوزوشئ و ادرمن سردار قاوشوت حانئنگ یولباشچئلئغئندا اولارئنگ دربی-داغئن ادیلشی حاقئندا، هم ایرانئنگ هم-ده تـۆرکمنلرینگ آرخیولارئندا یترلیک ماغلومات بار. گلن بلانئ پاراحات یول بیلن غایتارماق اۆچین قاوشوت حان دیپلوماتیک تاغاللار ادیپدیر، ایلچی ایبریپ اولارئ یاراشئغا چاغئرئپدئر. یؤنه پانگ کلَه همزه میرزا تـۆرکمن ایلچیلرینی توسساغ ادیپدیر. چأره سینی تۆکِدن تـۆرکمنلر عاجایئپ اورش تاکتیکی بیلن ایرانئنگ قشونئنئ چئم- پئتراق ادیأرلر. تـۆرکمنلر بو اورشا  "قاجار" اورشئ دیییپ آت بریأرلر. واطانئ قوراماق اوغرونداقی قوربانلارئنگ آراسئندا مشهور شاهئرئمئز ملا نپس-ده بولوپدئر. اول اورشدان بیرنأچه آی سونگرا آلان قئلئچ یاراسئ سبأپلی آرادان چئقئپدئر.
   تـۆرکمنلرینگ آراسئندا بولان ماحالئندا بلوک ویل حالقئمئزئنگ دورموشئنا دگیشلی غئزئقلئ ماغلوماتلارئ یئغناپ، عاجایئپ صوراتلارئ چکیپدیر. اونونگ کتابی ایلکینجی گزک ۱۸۶۶- نجئ یئلدا پاریسدا چاپ ادیلیپدیر. کیتابئنگ تـۆرکمنلره دگیشلی بؤلۆمینی اۆنسۆنگیز حؤدۆرلیأرین.
آرنه گلی (آقمئرات گۆرگنلی)
۲۱/۰۳/۲۰۱۱

No comments:

Post a Comment