Tuesday, January 4, 2011

Milli ang-düşünje

Milli aň-düşünjämiz hakynda


  Mundan ozalky söhetimizde halkymyzyň milli kimligini, aňyny öçürmek üçin daşky we içerki faktorlaryň roly hakynda mesele gozgapdyk. Şonda Türkmen halkynyň uzak we ýakyn geçmiş taryhynda bu babatda görülen zalym çäreler dogrusynda azda-kände durup geçdik.
  Bu gezek milli aň-düşünje hakynda başga bir meseläni ara atasymyz geldi.
Milli aň-düşünjämiziň gadymyýeti hakynda:
  Hem ýazuwa geçirlen hem-de agyzdan-agyza eşidilen edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, ata-babalarymyzyň baryp asyrlaryň jümmüşinde durmuşyň her bir pudagyna degişli dürdäne ýadigärlikleri bize myras galdyrandygyna göz ýetirýäris. Biziň ata-babalarymyzyň ilkinji mesgen bolan Altaý daglarynyň jülgelerinde arheologik barlag işi geçirildi. Gazuw işler bu ýerdäki medeniýetiň biziň eýýamymyzdan 6000 bilen 3000 ýyl öňki döwre degişlidigi mälim boldy. Şol tapyndalardan üç sany iň möhümini belläp geçeýliň:

1.Pazerik halysy: 1949-njy ýylda rus arheloglaryň geçiren ylmy-gazuw işlerinde ajaýyp bir haly buw örtgüleriň astyndan tapyldy. Geň tarapy bu halydaky göller we salynan nagyşlar türkleriň-şol sandan türkmenleriň milli eposlary bolan Mete han (soňraky Oguz han) we onuň 24 sany nesli bilen baglanşykly. Halydaky 24 göl, onuň gyrasynda çitilen atyň, sugunyň we beýleki haýwanlaryň şekli onuň türkleriň durmuşyna degilidigini gürrüňsiz subut edýär. Bu halynyň türklere degişlidi hakynda haly boýunça bilermenler onuň “Türk dügüni/çitimi esasynda dokanlandygyny äşgär etdiler. Emme aňlary pars şounizimi bilen doldurlan käbir Eýranly saýtlarda hiçbir delil görkezilemezden onuň akamenidlere degişlidigi öňe sürülýär.
در سال 1949 میلادی گوشه ای از هنر باشکوه دوره هخامنشی توسط یک باستان شناس روس در دامنه جنوبی کوهای آلتایی در سیبری در منطقه‌ای به نام پازریک کشف شداین نوع گره ترکی و با رنگ‌آمیزی مسی روشن و سبز ملایم. طرح فرش شامل می شود از 24 مربع در متن که داخل هر یک ستارهای هشت پر وجود دارد و در حاشیه 28 تصویر اسب‌سوارانی که به طور دو نفر در میان بر روی اسب‌ها نشسته یا کنار آن ایستاده‌اند. تا پیش از کشف فرش پازریک این گونه تصور مي‌شد که ترك‌ها مبتکر این صنعت مي‌باشند اما شباهت بسیار فراوان با نقوش هخامنشیان و طرح این قالی نظرها متوجه ایران شد
http://www.daneshju.ir/forum/sitemap/t-76131.html

2. At: Geçen  asyryň  ortalarynda  ylmy  gazuw  işleriň  netijesinde  Altaý daglarynyň   Pazaryk depesindäki gonomçylyklardan  buwz  örtgüsiniň  astyndan  at jesetleri tapyldy. Üç müň ýyl mundan ozal ýere düýnelen ol atlaryň keçeden örtgüsi bolup, olar  aýry-aýrylykda jaýlanypdyr. Bu  atlar,  häzirki  türkmen bedewlerine örän çalym edýär.  Olar  dik aýak, dik boýun bolupdyr. Atlar, öz eýeleri bilen jaýlanypdyr. Atlaryň eýeleri bilen jaýlanşy barasynda Gorkut-Ata we beýleki  eposlarymyzda  maglumatlara gabat gelinýär. Şol döwürdäki ynançlara görä, bu atlar, ol dünýäde öz eýelerine hyzmat etmeli eken. Bir batyr  ýigit  dünýäden ötende, onuň atlarynyň guýruklaryny kesýärler, hossarlary gözlerden gan ýaş  akdyrýardy. Bu  hakda  baryp 6-nji asyrda Oguzlaryň arasynda syýahat eden   arap   iýlçisi   Ibn-Fadlen   hem   gyzykly  maglumatlar  galdyrypdyr. Şol wagtky türkmenleriň  ynançlaryna  görä: merhum öz atyna münüp, asmana uçup gitýärmiş. (Seret: Türkmen atyn gelip-çykyşy, tohumy, pars dilinde, Tehran 1975
 تبارنامه اسب ترکمن. نشر انجمن سلطنتی اسب)

3. Daş ýazgylar: Häzirki Gyrgyzystanyň Yssk köl jülgesinden tapylan gadymy daş ýazgylarda ilkinji gezek Türk adyna gabat gelindi. Ýadigärlikleri Türk şazadalary we hanlary gazdyryp, olarda öz halkyna eden hyzmatlary hakynda gürrüň berilýär.
 Näme üçin bu üç elementi saýlap aldyk?
  Türkleriň gadymyýeti hakynda faktorlar diýseň kän. Olaryň ählisi hakynda bu makalada gürrüň edip bolmaz. Biz halyny, aty we daş ýazgylary saýladyk. Sebäbi haly dokamak sungaty diýseň inçe hem näzik, ony diňe baý bir medeniýetiň nesilleri dokap, dürli nagyşlar bilen bezäp bilýär. Halylar düşek üçin dokalypdyr, bu bolsa türkleriň öýe we onuň bezegine goýan ähmiýtiniň bir nyşany bolupdyr. Halyň göllerinde halkyň däp-dessurlary, edim-kylymlary-da suratlandyrlypdyr.
   At we Türkmen hakynda aýdara zat diýseň köp. Türkmenler ilkinjiler bolup aty ekde edipdirler. Oňa “adamyň ganaty” diýip baha kesipdirler. Medeniýetiň ösmeginde, harby ukybynyň ösmeginde at esasy rol oýnapdyr.
  Daş ýazgylardan görnüşi ýaly türkler ilkinjiler bolup ýazuw hatyny oýlanyp tapypdyrlar. Asly Türkdigi subut edilen Sumerler-de çüý hatyny ulanyp Mezo-potamiýa medeniýetiniň ösüşine uly hyzmat edipdirler.
  Diýmek ýazuw haty bar bolan, atlary bilen dünýäni sarysdyran we haly bezegleri bilen beýleki halklary aňyk eden türkmenleriň milli aň-düşünjeleri gaty baý bolupdyr.
  Şu ýerde ýene bir zady agzap geçesimiz geldi; olam türkleriň ilkinjiler bolup aý-gün hereketini synalap, bir güni 24 sagada bölmekleri (Oguz hanyň 24 neslini ýatlaň), Gün hudaýlary üçin ýörite däpleri ýerine ýetirmekleri boldy.
   Ýöne taryhy wakalaryň gidişi biziň ata-babalarymyzyň zyýanyna işläpdir. Olaryň üstüne gandöküşikli hüjümler amala aşyrlypdyr, şonuň netijesinde göçhä-göçlükler emele gelipdir, ozalky bina edilen ýadigärlikler tozdurlypdry. Has bolmanda zalym hem gorak tebigat olary ýedi gat ýere gömüpdir.
  Tutuş 19-njy we 20-nji asryň dowamynda halkymyz ýene-de bir giden hüjümlere tap getirmeli bolupdyrlar, bir ýandan ruslar, bir ýandan parslar, Hywadyr Buhara emirleri yzygiderli topragymyzy gana çaýkap geldiler. Şeýle hüjümlere sezewar bolan başga milletler taryhyň sahyplaryň bir eýýam öçüp gidipdiler, ýöne biziň halkymyz ýaşady, ýaşaýar, ýaşaram we arheologlarymyz ýere siňen medeniýetimiziň köp böleklerini tapyp ony dünýä aýan ederler. Türkmenistanda bolsa häzir bu ugrudan gowy iş alnyp barylýar.
Akmyrat Gürgenli

No comments:

Post a Comment