Tuesday, December 28, 2010

Taryhy dokument

Halkymyza edilen zulumlardan bir mysal
Türkmenlere girizilen sanksiýalar
Soldan: Osman ahun-Amangeldi ahun-Erejep ahun

1907-nji ýyldaky şertnamadan soňra demirgazyk Eýran, şol sandan Türkmen topragy ruslaryň kontroluna geçýär. Ruslaryň Astrabatdaky konsulhansy türkmenleri berk gysyş astynda saklamakda eden-etdilgie baş goşýar. Rus esgerleri türkmenleriň abraýly ýaşullaryny tussag edip, Astrabadyň zyndanynda saklapdyrlar, oblara aýlanyp salgyt ýygnapdyrlar we baş galdyranlary berk jezalandyrypdyrlar. Bu ýagdaýa Eýran hökümeti ýekeje gezegem garşylyk görkezmändir. Salgyt ýygnamaly bolanda türkmenleri öz raýaty hasaplaýan Eýran, olary daşarky güýçlereden goramgy özüne borç hasalamandyr, tersine ruslaryň jeza beriji toparynyň Sähramyzdaky ýörişlerini dymmak bilen goldapdyr.
   Aýry tarapdan türkmenleriň Hazar deňizi arkalay alyp barýan söwda işlerine, hem ruslaryň Aşyr adadaky harbylary hem-de Eýranyň Enzeli-däki häkimi gysyşlaryny artdyryp, Türkmen topragyna her hili azyk-imidiň getirilmegine böwet döredipdir.
   Aşakda görkezen dokumentimizde ruslaryň haýbatyndan çekinen türkmenler telegramma arkaly hatta arz-şykaýatlaryny Tahran ýetirip bilmändigi agzalýar. Ýene bir bellemeli zat, Eýranyň Türkmen topragyna hökümet edip bilmändigi we bu yerde edarlarynyň yokdugy-da bu dokumentde agzalýar.
   Kümüşdefeli Türkmen aksaglarynyň Eýranyň içeri işler ministerligine ýollan bu haty, ýurtda milli mejlisiň/parlamentiň açylşyna gabatlanyp,( 30.05.1917) Tahrana ýollanypdyr:
به مقام منیع وزارت جلیله داخله دامت تأییداته انشاءالله
   "بعداز تبلیغ مراسم تبریک افتتاح المجلس الشورای المرکزی. عرض دعاگویان آن است که ما ملت بیچاره (بخوان تحت ستم) تراکمه بسیار دچار زحمت هستیم. مستحفظین بنادر استرآباد و مازندران برای ما اجازه نمی دهند که آذوقه از قبیل برنج و غیره بیاوریم. استدعاء داریم که باب ارزاق را برای ما مفتوح سازند که معاش ایلات تراکمه خیلی تنگ است. آخر ما هم ایرانی و رعیت ایرانیم... برای هفتاد هشتاد هزار تراکمه در اینجا از طرف دولت علیه یک کدخدا و مباشری نیست.. از خوف مأمورین روس قادر به فرستادن یک تلگراف و عرض تظلم نیستیم...."
  هشتم شعبان ۱۳۳۵
محل مهر: رجب آخوند- ملا ارازبردی آخوند- آمانگلدی آخوند- عثمان آخوند- حسن صفا ایشان- حاجی آنه دوردی نازدوردی اوغلی- بورجاق قل این ملا قلیچ
Akmyrat Gürgenli

1 comment: