Friday, December 24, 2010

Milli serdarlymyz

Milli serdarlarymyzdan
Aba Serdar

Türkmeniň bu batyr oglunyň gozgalaňy hakynda Eýranly taryhçylar Rezaguly han Hedaýet, Hasan bek Rumla özüniň “Rustam ul tawaryh”, Mirhond “Rowzetot tewaryh Nasri” diýen eserlerinde, şeýle-de Hywa hany Abulgazy “Şejere terakime” hem-de şa Tahmasbyň permanlary diwanynda gyzykly maglumat berilýär.
Ahsan ul Tevarıh. Hasan beg Rumlu
احسن التواریخ- حسن بیگ روملو
به تصحیح: دکتر عبدالحسین نوائی. نشر بابک. تهران 1357
  16-njy asyryň ortalarynda Etrek-Gürgen boýlarynda ýaşan «Söýün han» ýa-da «Ýaka türkmenleri» esasan gyzylbaşlaryň döwleti bilen Horezmiň arasynda, ýagny iki oduň arasynda ejir çekýärdiler. Bularyň üstüne bir tarapdan-a gyzylbaşlar häkim belleýärdiler, aýry tarapdan Horezmiň Durundaky ýarym özbaşdak häkimleri öz agalygyny dikeltjek bolup synanşýardylar.
   Durunyň häkimi Aly-soltan Eýrana garşy duşmançylykly syýasatyny Astrabat türkmenleriniň üsti bilen amala aşyrmakçy bolýardy. Ol bu ýere ýöriş edip Okly gökleňlerden salgyt ýygnamak bilen meşgullanypdyr. Säfewiler bolsa, türkmenleriň Astrabatdaky dikmeleriniň tabynlygynda durmagyny isleýärdiler.
   1550-nji ýylda Ustajaly gyzylbaşlardan Şahberdi Astrabada häkim edilip iberilýär. Oňa türkmenler «keçel Şahberdi» (keçel, kel) diýip at dakypdyrlar. Şahberdini gutlamaga bir topar türkmen Astrabada baryp, sowgat-serpaý eltýär. Olaryň arasynda Okly türkmenleriniň serdary Aba atly bir ýaş, görmegeý ýigit-de bolupdyr. Şahberdi ondan gözüň sowan oturypdyr. Taryhçy Rumly Hasan bek, Şahberdiniň samsyk adamdygyny belläp, türkmenleriň oňa sowgat eltmegine geň galypdyr. Aba beg bu masgaraçyga gahary gelip, Astrabady taşlap gaýdýar we öz taýpasynyň içine gelip, Şahberdi soltanyň oklulara wekil edip iberen garyndaşy Şatyr begi öldürýär. Ol öz töweregine batyr ýigitleri ýygnaýar. Soňra Şahberdi bilen bolan söweşde onam öldürýär. Şeýdip Aba serdar türkmenleriň Astrabat häkimlerine, umuman gyzylbaşlara garşy gozgalaňa ýolbaşçylyk edýär. (Ýaňy ýakyna çenli häzirki Gürgen şäherinde (ozalky Astrabatda) Eýmirler adyny göterýän bir metjit bardy. Onuň hem şaýylar hem-de sünnilere niýetlene iki kyblasy bolupdyr.)
  Aba serdaryň gozgalaňy başlanan döwürde şa Tahmasp günbatarda osmanlylar bilen söweşýärdi. Tahmasp şaýy mezhebini ýaýmak maksady bilen osmanlylar bilen söweşen bolsa-da onuň asyl maksady, günbatar bilen gündogaryň arasynda söwda ýol üçin ähmiýetli Kawkazy öz erkine geçirmekdi.
  Aba serdaryň gozgalaňyndan habarly bolan şa Tahmasp Astrabada agyr goşun ýollaýar. Gürgen derýasynyň kenarynda aldym-berdimli söweş bolýar. Türkmenler şanyň goşunyny yzyna serpikdirýärler, ýöne köp pyda-da beripdirler. Taryhçy Mirhonda, derýanyň gandan dolandygyny ýazypdyr:
« بسکه خون برفت از تن ترکمان              گشت پر رود عرصه گرگان»
   Terjimesi:    «Şeýle köp gan akdy türkmenden,
                     Dolup daşdy, Gürgen çaýyndan.»
  Asrtabatda özbekleriň dikmesi bolan Hoja Muzeffer Bitikçi, soňra şa Tahmasbyň tarapyna geçýär. Ol gaty baý adam bolup, Astrabat-Gürgende sözüni ýöredip bilipdir. Aba serdar onuň agtygy, täsirli ruhany Hoja Muhammediň gyzyny alyp, obasyna getirýär. Muňa namys eden Hoja Muhammed gyzyň çorusyny yzyndan iberip, gyzy bilen dilleşip, Aba serdaryň başyna ýetmegi planlaşdyrýar. Bir gije Aba süýji ukuda ýatyrka bir garagulyň kömegi bilen olar serdaryň başyny kesip, Tahmasba ýollaýarlar.
Şah Tahmasp

Aba serdar ölenden soňam patyşanyň wekilleri gorkularyndan salgyt ýygnamaga türkmenleriň arasynda gelip bilmändirler.
A.Gürgenli
24 Dec 2010

No comments:

Post a Comment